Adamlara s

Adamlara s
Goshgylar
27.09.2022, 07:07
1504
0
                            Adamlara söýgi 

Sizi söýüp, ýaradypdyr Alla-da,
Sizi söýüp, tagzym edýär älemem.
Şükürim bar araňyza düşüpdir,
Maňa berlen biynjalyk täleýim.

Başyma täç etsem diýýän, adamlar,
Men siziň hemmäňiz söýýän, adamlar!

Ýaşaýyşyň her bir demi arzyly,
Alla mydam ezizleýär aşygyn.
Gama batmaň şowsuzlyga duşsaňyz,
Birin ýapsa, açýar başga işigin.

Sözüme hyýaly diýmäň, adamlar,
Men sizi şeýlebir söýýän adamlar!

Ýoklukdan bar bolduk, barlykda bolsa,
Günäden ýüklenip, barýarys ýortup.
Ne-hä bir zat kemeltdik bu dünýäde,
Ne-de bir zat goşduk, öňküden artyk.

Şonda-da kalbyňyz gyýmaň, adamlar,
Barybir hemmäňiz söýýän, adamlar!


Dünýä söýgi bilen ynsan şol söýgiň,
Ezeli gudratyn hasaba alman.
Şeýdibem kämahal ýalňyşyp ýörüs,
Özümiz tanaman, özümiz bilmän.

Sözümi kineli duýmaň, adamlar,
Men sizi şeýle bir söýýän, adamlar!

Bizden öňem ýaşapdyrlar bu ýerde,
Muny bizden soňam dowam ederler.
Dünýäň sazlaşygyn saklap durandyr,
Ýagşy niýet, ýagşy işi edenler.

Gowluga beslensin eýýam, adamlar,
Men sizi şeýle bir söýýän, adamlar!

Çünki kalbymyzda Allanyň yşky,
Akyl ýetmez hakykatyň nury bar.
Deregne söýgüden artykmaç zady,
Talap edip durmaýarka Biribar.

Şu pikire gadyr goýýan adamlar,
Men sizi has artyk söýýän, adamlar!

                  Toýly Öwezow.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0