Amerikan sungat ussatlary

Amerikan sungat ussatlary
Makalalar
28.11.2023, 16:16
610
0
Amerikan sungat ussatlary Türkmenistanda konsert berer

3-15-nji dekabr aralygynda amerikan sungat işgärleri Keýt Bass bilen Äron Ýaň Türkmenistana ýene sapar bilen geler. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Sungat işgärleri Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy, Mary we Lebap welaýatlarynyň ýaşlar hor toparlary we özbaşdak sungat işgärleri bilen alyş-çalyş seminarlaryna gatnaşarlar. Şeýle hem, maksatnamanyň çäginde Brodweýiň klassiklerini öz içine alýan bilelikdäki türkmen-amerikan konsertleri geçiriler.​

Konsertler hemmeler üçin açyk bolup, zallar tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä doldurylar.

KONSERTIŇ MEÝILNAMASY:

8-nji dekabrda Media bilen söhbetdeşlik, 18:00-da we Mary welaýatynyň M.Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda konsert agşamy, 19:00;

11-nji dekabrda Lebap welaýatynda mediýa bilen söhbetdeşlik 18:00-da we Lebap welaýatynyň S. Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda konsert agşamy, 19:00; ​

15-nji dekabrda Aşgabat şäherinde Media bilen söhbetdeşlik, 18:00-da we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde konsert agşamy, 19:00.

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0