Peydaly maslahatlar

Peydaly maslahatlar
Makalalar
24.12.2022, 10:00
550
0
Peýdaly maslahatlar

Gyş möwsüminde zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşde biziň iň esasy kömekçimiz, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby — immunitet bolup durýar.

Üsgülewük, dümew, gyzgynyň ýokarlanmagy — bular bedeniň goranyş ulgamynyň mikroblara, wiruslara garşy durup bilmeýänliginiň ilkinji alamatlarydyr. Emma öz iýmitiňizi akylly-başly düzüp başarsaňyz, nähoşlan halatyňyzda ony ýeňil geçirersiňiz. Munuň üçin şu önümlere üns bermegiňiz gerek.

Sarymsak​ — allisiniň, tiosulfatlaryň çeşmesi bolup, bedeni infeksiýalardan netijeli goraýan kuwwatly önümdir. Şeýle hem sarymsak iýmek biziň immunitetimiz üçin ähmiýeti uly bolan peýdaly bakteriýalaryň ösüşini ep-esli ýokarlandyrýar.

Balyk we deňiz önümleri.​ Balyk önümleri gujur-gaýraty gaýtadan dikeltmäge ýardam berip, sinkiň ýeterlik mukdaryna we doýgun bolmadyk ýag kislotalaryna baýdyr. Şeýle hem bu önümler akyl zähmetiniň öndürijiligini artdyrýar.

Süýt we süýt önümleri.​ Siziň iýmit sanawyňyzda süýt we süýt önümleri hökman bolmalydyr. Her gün süýt we süýt önümlerini içiň, sebäbi olar immuniteti berkitmekde ägirt uly orun degişli bolan güýçli lakto we bifido bakteriýalaryny saklaýarlar.

Bal. Bal irki döwürlerden bäri iň peýdaly önümleriň biri hasaplanylýar. Ol düzüminde C witaminini, marganesi, şeýle hem mineral duzlar bilen örän gowy utgaşýan we tiz siňýän witaminleri saklaýar.

Sitrus​ miweleri. Olar C witaminine, antioksidantlara baýdyr. Apelsin, limon we beýleki sitrus önümleri siziň gündelik iýmitiňizde hökman bolmalydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Ýusupgeldi Annagulyýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0