Mümkinçilikleriň şäheri

Makalalar
Mümkinçilikleriň şäheri
Ykdysady mümkinçilikleri, medeni durmuşy, binagärlik gözelligi, tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýänligi, ekologiýa taýdan arassalygy ýaly aýratynlyklaryň haýsydyr biri boýunça meşhurlyk gazanan şäherler dünýä kartasynda az däl. Ýurduň rowaçlygynyň, ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň nyşany hökmünde dünýä kartasynda mynasyp ornuny tapan Arkadag şäherinde bolsa şol aýratynlyklaryň ählisi bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.
Bu «akylly» şäher — Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ylhamyndan we yhlasyndan bina bolan, eşretli durmuşda ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin iň amatly şertleri özünde jemleýän sebitdäki ilkinji şäherdir.
Täze Arkadag şäheri — bagtyň mekany. Bagtyýarlyga beslenen bu şäherde yzly-yzyna jaý toýlarynyň tutulmagy, raýatlaryň täze öýlere göçüp gelmekleri muny ýene bir ýola aýdyňlygy bilen subut edýär.
Saparmuhammet Orazow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...