Ýaşlar — ýurduň geljegi

Ýaşlar — ýurduň geljegi
Makalalar
01.06.2024, 13:10
129
0
01.06.2024ý.

Ýaşlar — ýurduň geljegi

Adamzat jemgyýetiniň islendik döwürlerindäki ösüşi hem-de özgerişi ýaşlar, olaryň bilimi, ylmy we gujur-gaýraty bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň zehininiň ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine, abadançylygyna gönükdirilmegi durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem ilki bilen ýaşlaryň bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan ukyp-başarnygyna we yhlasyna aýratyn üns bermeli. Häzir ýaşlaryň pikir-garaýyşlary, jemgyýetçilik aňy özgerýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilime, sporta, medeniýete uly sarpa goýýar. Ýaşlarymyzyň köpüsi halkara halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegi hem köp derejede ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň akyl-paýhasyna, ukybyna, döredijilikli zähmetine we ylhamyna baglydyr. Şonuň üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen bagly wezipelerden ugur alnyp, ýaşlarda milli buýsanjy, watansöýüjiligi ýokarlandyrmak, şöhratly taryhymyz, däp-dessurlarymyz, umumadamzat gymmatlyklary esasynda kämil medeniýetli, belent adamkärçilikli nesli terbiýelemek boýunça köp ugurly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ylmy ösüşlere giň ýol açmagy, bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan netijeli we düýpli işleri geljegimiz bolan ýaşlar baradaky gaýragoýulmasyz işlerdir. Bu beýik işler ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegine, diňe öňe gitmegine badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleri türkmenistanly ýaşlaryň orta bilim hakyndaky şahadatnamalarynyň, ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň bütin dünýäde ykrar edilmegi üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän bilim almaga mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurduň ykdysadyýetiniň, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap alan özgertmelere goşant goşmaga ukyply hünärmenlere bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Orta we ýokary okuw mekdeplerini özgertmegiň esasynda milli ruhy gymmatlyklar iň gowy şahsy tejribeler bilen bir hatarda, şu ugurda dünýäde gazanylan netijeler hem goýlandyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öndebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini gazanmak maksady bilen, milli bilim ulgamynyň öňünde giň möçberli wezipeleri goýýar. Bular sanly bilimiň innowasion çeşmeleriniň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we ulgamlarynyň, maglumat gorlarynyň peýdalanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olarda zerur enjamlaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalarynyň we usulyýetleriniň işe girizilmegi bu ugurda mugallymlara ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ýokary bilim berýän okuw mekdepler döwrebap okuw serişdeleri we täze tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Ata Watanymyzyň egsilmez kuwwatyna, mizemez güýjüne, beýik geljegine deňelýän mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Agzybir halkymyzyň nurana geljegi ugrunda alyp barýan belent tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Agageldi Poladow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0