Talyplyk yyllary

Talyplyk yyllary
Goshgylar
23.09.2022, 20:25
2217
0
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hyjuw ýaryp barýar gursagy,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.

Aladaly ýyllar, azaply ýyllar,
Oýunly, gülküli hasaply ýyllar,
Kalpda söýgi, eliň kitaply ýyllar,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.

Gözellik diýseler gyza düşünýäň,
Söýgi diýseler-de gyza düşünýäň,
Ýöne gyzlar içiň ýakýar düşünmän, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.

Ýakymly ýatlama bilen ýaşarlar, 
Bu ýyllarda bir-birine gowşanlar,
Ylaýta-da owadandyr agşamlar,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.

Ähli zat göwnüňe aýan ýalydyr,
 Durmuş bir aýdylan beýan ýalydyr,
 Deňiňden geçensoň hyýal ýalydyr.
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
                  Toýly Öwezow.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0