Magtymguly pragy

Makalalar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Türkmeniň akyldar şahyrynyň tutuş döredijiligi dünýä paýhasynyň mizemez bir bölegine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen akyldarynyň – Magtymguly Pyragynyň sarpasy dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde barha beýgelýär.
Magtymgulynyň goşgularynda halklary agzybirlige çagyrmak ideýasy hem eriş-argaç bolup geçýär. Bu hem türkmen halkynyň ata-baba dowam edip gelýän ýagşy niýetlerinden gelip çykýar. Şu günki dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” baradaky Kararnamanyň iki gezek ykrar edilmegi hem öz gözbaşyny şol ýagşy niýetlerden alyp gaýdýar.
Şahyryň ýaşan döwrüniň syýasy jemgyýetçilik gurluşy halky agzybirlige çagyrmaga laýyk bolan syýasaty ýöretmek üçin zerurlygy ýüze çykarýardy. Netijede şahyr türkmen halkyny şonuň bilen birlikde külli adamzady agzybirlige çagyrýar.
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň
diýip umyt eden şahyryň şuny aýtmak bilen şu günki gün munuň hakykat ýüzünde şol umydyň aýan bolandygyny äşgär görýäris.
Arkadagly Serdarymyzyň dost-doganlyk syýasatyny rowaçlandyrmak üçin edýän tagallalary ýerine düşýär. Türkmenistan dünýä halklaryna doganlyk goluny uzadýar. Şol doganlyk-dostluk ýollaryny dowam etdirmekde alnyp barylýan beýik işler akyldar şahyryň arzuwlarynyň amala şamagy bolup durýar. “Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr” diýmek bilen şahyr, şu bagtly durmuşymyzyň gözbaşynda türkmeniň ýagşy niýetlere ýugrulan kalbynyň bardygyny açyp görkezýär. Goý, ýagşy niýetler dowamat-dowam bolsun!
Türkmen döwlet binagärlik-binagärlik gurlusyk instutynyn mugallymy Kerim Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...