Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Arkadag şäheri – geljegiň şäheri
Makalalar
13.07.2023, 16:48
210
0
Arkadag şäheri – geljegiň şäheri

Bagtyýar geljegiň ajaýyp nusgasy bolup dünýä ýaň salan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy uly dabaralara beslendi. “Akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulan bu ajaýyp şäher halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Şol bir wagtyň özünde hem bu şäheriň gurulmagy türkmen ykdysadyýetiniň kuwwatlydygyndan habar berýär. Türkmen halkynyň häzirki zaman dünýäsiniň belent ösüşleri bilen deň gadam urýandygyny alamatlandyrýar.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin guwanjy çäksiz. Edil ýokardaky at bilen täze kitabyň ilata hödürlenmegi bu buýsanjy goşalandyrdy. “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” ady bilen neşir edilen kitap on dört bölümden ybaratdyr. Üstesinede kitap dünýä jemgyýetçiligine giňden düşnükli bolar ýaly üç dilde çap edilipdir. Kitapda häzirki zaman ösen dünýäsiniň talaplaryny ödäp, binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasyny äleme jar eden Arkadag şäheri hakynda giňişleýin maglumatlar berilýär. Şäher gurluşygynyň aýratynlyklary aýdyň beýan edilýär. Häzirki günde bu üstünlige buýsanýan halkymyzyň arasynda bu kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Şol dabaralaryň yzygider geçirilmegi halkymyzyň bu kitap bilen gyzyklanmasynyň uludygyndan habar berýär.

Yslamberdi Tyllanurow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0