Tasinlikler

Tasinlikler
Makalalar
03.10.2022, 22:39
1051
0
Täsinlikler:

Hazar deňzi hakda nämeleri bilýäňiz? Hazar deňzi hakda okap, eşidip bilýän käbir zatlarymyzy siziň bilen paýlaşasymyz geldi: Hazar deňzi barada ýazylan taryhy çeşmelerde, çeper eserlerde onuň 70 den gowrakm ady agzalýar. Hazar deňziniň uzynlygyny demirgazykdan günorta çenli 1200 kilometr, gündogardan günbatara bolsa 135-den 435 kilometre çenli diýip takyklaýarlar. Hazar deňziniň tutýan meýdany 390 müň inedördül meýdana barabardyr. Hazar deňziniň ortaça çuňlugy dünýä ummanynyň derejesinden 27 metr pesde bolup, iň pes nokadynyň çuňlugy 1025 metre deňdir. Hazar deňzine 130 golaý derýa gelip guýýar. Hazar deňziniň faunasy, balyklarynyň 100 gowrak görnüşi duş gelýär. Hazar deňziniň kenarýakalarynda ösümlikleriň 728 görnüşi bardyr. Hazar düwlenleri özleriniň kiçiligi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir. Olaryň ulusynyň uzynlygy 1 metr töweregidir. Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa – Tähran Konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa kabul edildi. Biziň ýurdumyzda Hazar döwlet tebigy goraghanasy – Hazar, Esenguly, Ogurjaly goraghalaryndan yabaratdyr. Metbugat materiallary esasynda taýýarlan:

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyň talyby Döwranow Yhlas
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0