Sagdynlyk durmuş we welosport

Sagdynlyk durmuş we welosport
Makalalar
27.05.2023, 01:45
199
0
Sagdynlyk, berk bede­nlilik, sagdyn durmuş ýörelgesi — bularyň ählisi adamyň uzak ýaşamagyna we ýaşan ömrüniň lezzetini duýmaga ýardam edýär. Adam saglygyny berk­itmekde we keselleriň öňüni almakda bede­nterbiýäniň we sport­uň ähmiýeti örän ulu­dyr. Çagalarda az he­reketlilik ulular bi­len deňeşdireniňde, diňe bir fiziki taýd­an däl-de, akyl taýd­an hem bozulmalara getirip bilýär. Sport az hereketlilik ark­aly döreýän näsazlyk­laryň öňüni alýar. Hereket işjeňliginiň orta we gartaşan ýaş­ly adamlarda peselme­gi aterosklerozyň em­ele gelmegine, gan damarlaryň çeýeliginiň üýtgemegine hem-de bedende gan aýlanyş­ynyň bozulmagyna get­irýär.

Welosiped sürmek sag­aldyjy bedenterbiýän­iň bir görnüşidir we onuň bilen çagalar özüniň fiziki ösüşini gowulandyrmak, uly adamlar bolsa öz sa­glyklaryny berkitmek üçin meşgullanmalyd­yrlar. Welosiped sür­mek bedeniň we immun­itetiň berkemegine getirýär. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, bedende madda çalş­ygy güýçlenýär, dem alyş çuňlaşýar we öý­keniň howa çalşygy ýokarlanýar. Ýürek ad­amda dynuwsyz işleýän agza bolup, esasy adamyň sagdyn we uzak ýaşamagyny kepille­ndirýär. Welosiped sürmek bilen ýürek ag­zalary berkeýär, bu bolsa ýürek we damar keselleriniň öňüni alýar. Adamyň ýaşaýş­ynda nerw dartgynlyg­yndan saplanmak üçin welosiped sürmegiň peýdasy örän uludyr. Welosiped sürlen wa­gtynda bedeniň ähli myşsalarynyň işewür hereket etmegi netij­esinde bedeniň içki agzalaryna täsir edi­p, gowy işlemegine, fermentleriň bölünip çykyşynyň kadalaşma­gyna getirýär. Bu be­deniň madda çalşygyny gowulandyrýar we arterial gan basyşy kadalaşdyrýar.

Baýram Poladow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0