Sary gawun

Sary gawun
Makalalar
18.12.2022, 20:55
577
0
Sary gawun bişipdir

Biziň gürrüňimiz diňe sary gawun hakynda däl-de, eýsem türkmen gawunlary barada aýdylanlar hakynda bolar. Olaryň käbirinden mysallar:

XIII asyryň belli italýan syýahatçysy Marko Polo: “Ony dilim-dilim edip, Güne serýärler we guradýarlar, soňra bolsa dünýäniň köp ýurtlaryna äkidip satýarlar”. *** Bakjaçy alym K. I. Pangalo 1935-nji ýylda: “Özüniň azyklyk gymmaty boýunça Türkmenlerde gawun bugdaýdan soň ikinji orunda durýar. *** Hytaý syýatçysy Gang Te: “Men dünýäniň köp ýurtlaryna aýlandym, emma türkmen gawuny ýaly aýdyp, düşündirip bolmajak tagamly miwä duşmadym”. *** Ibn Sina: “Gawun böwrekdäki, peşew ýollaryndaky daşjagazlaryň çykmagyna ýardam edýär”. Gawun hakda nakyllar: Gawun hakynda halkymyz ençe nakyllary döredipdirler: Segesn günde sapakda, togsan günde saçakda. *** Gawunyňky ýüz gün, ýüz günden soň üzgün. *** Gawunyň süýrüsi, garpyzyň irisi. *** Ýandakly gawun suwsamaz. *** Göktorly gawun garryňky. *** Gawunyň gowusyny şagal iýer. *** Gawun gawundan reňk alar. *** Gawun gabygyndan tanalar, bedew söbüginden. Metbugat materiallary esasynda taýýarlan:

Turkmen dowlet binagarlik gurlusyk insitutynyn talyby Gulmyrat Annakow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0