Deňiz kenaryndaky binagärlik

Makalalar
Deňiz kenaryndaky binagärlik
Awstraliýanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Sidneý ýurduň iň uly we gadymy şäheridir. Sidneý 1788-nji ýylda esaslandyrylyp, şäheriň ady şol döwürdäki içeri işler ministri Lord Sidniniň hormatyna dakylypdyr. Tabynlykdan soň şäher ep-esli ösdi we meýdany 12 145 inedördül kilometre deň hem-de 5,3 million ilaty bolan ägirt uly megapolise öwrüldi.
Sidneýiň çäginde köpsanly binagärlik täsinlikleri, gözellikleri jemlenendir, şol sebäpden hem bu ýere dünýäniň çar künjeginden köpsanly syýahatçylar gelýär. Şäheriň esasy nyşanlarynyň biri hem Port Jekson aýlagyny birikdirýän kemerli «Harbour Bridge» köprüsidir. Baýramçylyklarda bu köpri pirotehniki görkezişleriň geçiriljek ýeri hökmünde ulanylýar. Ýene-de şäheriň ajaýyp künjekleriniň biri Sidneýiň nyşanyna öwrülen Sidneý opera teatrydyr. Ol gözelligi bilen dünýädäki iň täsir galdyryjy binalaryň biridir
Merdan Berdimyradow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...