Makalalar

Makalalar
Makalalar
18.11.2023, 13:53
395
0
Halkara ulag geçelgesi: täze maksatlara tarap ýol

15 — 17-nji noýabrda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» («CASCA+») halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi.

Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, «CASCA+» ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek babatda gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň ýurtlary Ýewraziýa sebitindäki üstaşyr ulag geçelgelerinde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu döwletleriň gatnaşmagynda multimodal ulag ugurlaryna uly ähmiýet berilýär. «CASCA+» ugrunyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Ýewropa halkara multimodal ugrunyň hil taýdan täze görnüşdäki dowamydygyny bellemek gerek. Bu ugur 2019-njy ýylda Daşkentde agzalan ýurtlaryň döwlet demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda döredildi. Türkiýe 2021-nji ýylyň dekabr aýynda taslama goşuldy.

«CASCA+» geçelgesi 3 sebiti — Merkezi Aziýany (Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan), Günorta Kawkazy (Azerbaýjan, Gruziýa), şeýle hem Anadoly sebitini (Türkiýe) öz içine alýar. «CASCA» bu sebitleriň iňlis dilindäki atlarynyň gysgaldylan görnüşidir. Ulag geçelgesiniň adyndaky «+» belgisi bolsa Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletlerini, hususan-da, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirmegi maksat edinýän ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalara gyzyklanma bildirýän täze gatnaşyjylary kabul etmäge taýýarlygy aňladýar.

Baýrammuhammet Bekmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2218
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1583
0