Aýdyň geljegiň ýollary

Aýdyň geljegiň ýollary
Makalalar
14.05.2023, 17:56
233
0
Aýdyň geljegiň ýollary

Her bir güni täsin ösüşler bilen öňe barýan ýurdumyzda tutulýan il-ýurt ähmiýetli tutumlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýar. Geçen aprel aýynyň ahyrynda, has takygy, 26-27 Birleşen Arap emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy geçirildi. Halkara energetika forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy. Bu foruma dünýäniň meşhur habar beriş gulluklarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdy. Forum Hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara iberen gutlagy bilen açyldy.

Bu maslahat Türkmenistanyň senagat pudagyny, milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde ösdürmekde maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle halkara derejesinde geçirilýän çäreller ajaýyp geljegiň ýollaryny aýdyňlaşdyrýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy Aýna Atageldiýewa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0