Halal zähmetiň zamanasy ​

Halal zähmetiň zamanasy  ​
Makalalar
15.10.2023, 18:55
384
0
Halal zähmetiň zamanasy

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň kämil raýatlaryny terbiýelemek üçin, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem, arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek bolsa biziň her birimiziň borjumyzdyr. Ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagy jemgyýetde arassa kalply, päk ahlakly, dogruçyl, kämil şahsyýetiň kemala gelmegine ilkinji ruhy gözbaş bolup hyzmat edýär.

Ata-babalarymyzdan gelýän «Halal işle, haýyr tap» diýen pähiminden ugur alýan halkymyzyň döwrüniň gadyr-gymmaty häzirki döwürde halal ýaşap, halal zähmet çekmeginde jemlenýär. Eger-de adam ýaşlykdan halal bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa ol durmuşda horluk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaşlary mekdep ýyllaryndan başlap arassa-halal zähmet çekmäge endik etdirmek we bu endigi olaryň häsiýetine geçirmek hemişe üns merkezinde saklanylýar. Çünki, ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi şolar bilen üznüksiz baglydyr.

Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýşy, üstünlikleri adamlaryň watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk — halal zähmet, ynsaplylyk, ýagşylyk, päklik ýaly düşünjeleriň kemala gelmegini aňladýar. Şonuň üçin hem, nesillermize halallygy öwretmek, halal ýola ugrukdyrmak, ýagty, bagtyýar gelejegiň binýadyny gurup bermekdir. Halallyga gol ýapyp, arassalygy, päkize ynsaplylygy durmuşa ornaşdyrmak päk maksada okgunly döwrebap şahsyýeti kemala getirmekdir. Halal baýlygyň çeşmesi zähmetdir. Şonuň üçin hem, pederlerimiz bize halal ahlakly, päk ruhly, halal ýol bilen ýöremegi, ýaşaýşa höwesi, döredijilikli ýaşamagy miras goýupdyrlar.

Ýurdumyzda halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamag ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!

Emir Şöhratow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0