Türkmenistan — ägirt uly gurluşyklaryň ýurdy ​

Türkmenistan — ägirt uly gurluşyklaryň ýurdy  ​
Makalalar
22.11.2023, 19:25
424
0
Türkmenistan — ägirt uly gurluşyklaryň ýurdy ​

​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyn­yşy döwründe halkymy­zyň döredijilikli zä­hmet çekmegi, döwre­bap dynç almagy we ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeg­ine möhüm ähmiýet berilýär. Adam we onuň abadan durmuşy bar­adaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgi­tlän hormatly Prezid­entimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagalla edýär.

Ak mermerli paýtagt­ymyz Aşgabatda we äh­li welaýatlarymyzda gysga wagtyň içinde binagärlik toplumla­ry, döwrebap edara binalary, ähli amatly­klary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirki za­man enjamlary we teh­nikalary bilen enjam­laşdyrylan, bäsdeşli­ge ukyply önümleri öndürýän iri kärhana­lar gurlup ulanmaga berilýär. Bu desgala­rda milli binagärlik däpleri bilen şähe­rgurluşyk babatda dü­nýäniň häzirki zaman tejribesiniň öz be­ýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary we iň gowy dünýä tejribeleri es­asynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýa­tlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz­yň tagallasy bilen giň gerimli taslamalar yzygider durmuşa geçirilýär. Köp gatly döwrebap binalar, uzak aralyklara, müň­lerçe kilometre uza­ýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala get­irilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumy­zyň we sebitleriň yk­dysady kuwwatyny pu­gtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolan ýerli çig maldan gurluşyk serişdeleri­ni öndürýän pudak dö­wlet goldawyny hem alýar. Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksa­tnamalaryň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaň­landyrylan giň möçb­erli gurluşyklar ýok­ary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagy­ny, ýerli çig mallar­yň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdü­rilmegini şertlendir­di. Döwlet Baştutany­myz täze gurulýan de­sgalaryň ýokary hil­li gurluşyk serişdel­eri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çek­ip, ýurdumyzyň kuwwa­tly senagatyny döret­mek, importyň ornuny tutýan önümleri ön­dürmek, türkmen topr­agynyň örän baý ýerli çig mal serişdeler­ini giňden özleşdir­mek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerur­dygyny nygtaýar.

Türkmen halkynyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkada­gly Serdarymyzyň öň­dengörüjilikli döwlet syýasatynyň netije­sinde düýpli gurluşy­kda eýelenýän beýik sepgitler ýurdumyzyň ykdysady taýdan du­rnukly ösýändiginiň subutnamasydyr.

Ybraýym Gurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0