Belent maksatlary nazarlap

Belent maksatlary nazarlap
Makalalar
12.09.2023, 10:07
156
0
Belent maksatlary nazarlap

Ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ösmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän milli ýörelgäniň netijesidir. Onda ykdysady strategiýanyň hem orny uludyr. Ýurdumyzyň ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň her bir pudagynda we Diýarymyzyň sebitlerinde oňyn görkezijileriň gazanylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» we beýleki halk bähbitli maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, ata Watanymyz ösen industrial döwlete öwrülmäge tarap ugur aldy. Nebitgaz, elektron senagaty, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi, derman senagaty, dokma senagaty, gämi gurluşygy ýaly pudaklaryň düýbi tutulyp, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde asyrlara barabar ösüşler gazanyldy. Oba hojalygynda amala aşyrylan özgertmeler ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleriniň görnüşlerini köpeltmäge we möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem azyk bolçulygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Şaýar Garlyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0