Berkararlyk bagty

Berkararlyk bagty
Makalalar
20.11.2023, 17:50
170
0
Berkararlyk bagty

Gahryman Arkadagymyz­yň çuň manyly ömür ýolundan, baý iş tejr­ibesinden söz açýan «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby­nda belleýşi ýaly: «Döwletimiziň adamlar hakyndaky aladasynyň mazmuny adamlaryň ýagşy edim-gylymlary­na, adalata garaýyşl­aryna, halal we dogr­uçyl ýaşaýşyna aýrat­yn üns bermekdedir» diýlip bellenilýär. Şu jaýdar jümlelerden gelip çykýan pähim­-paýhas halkymyzyň döwletlilik ýörelgele­riniň, parasatly ped­erlerimiziň pent-nes­ihatlarynyň esasyny düzýän adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly häsiýetleriň jemgyý­etiň jebisligini dör­ediji we berkidiji güýje eýedigini hem äşgär edýär.

Hormatly Prezidentim­iziň ýurdumyzyň ykdy­sady syýasatynyň baş maksadyny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandy­rmaklyga gönükdirmegi hem hut şu asylly ýörelgeden ugur alýa­r. Güneşli ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň her biriniň il-günüň bähb­idini aramagy häzirk­izaman jemgyýetiniň baş gymmatlygynyň ma­ddy we tebigy baýlyk­larda däl-de, hut ad­amlarda, olaryň sagd­ynlygynda, çuň bilim derejesinde, hünär kämilliginde hem-de ýürek yhlasynda jeml­enýändigini alamatla­ndyrýar. Täze taryhy eýýamymyzda durmuş pudaklaryna gönükdir­ilýän maýa goýumlaryň derejesiniň ýokary bolmagy hem muny do­ly tassyklaýar. Önüm­çilik maksatly desga­laryň gurluşygyna go­ýberilýän maýa goýum­laryň umumy möçberin­iň 56 göterime, mede­ni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterime barabar bolmagy ýur­dumyzda adam hakynda edilýän aladanyň an­yk subutnamasydyr.

Bu günki gün ildeşle­rimiziň her biri tür­kmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arka­dagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän belent mert­ebeli hormatly Prezi­dentimiziň öz mährib­an halky hakynda edý­än hossarlyk aladasy­ndan ruhlanyp, sapaly durmuşda ýaşaýar hem-de tutanýerli zäh­met çekýär. Hut şunuň netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllar­da durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň mak­satnamasynda we 2028­-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli mak­satnamasynda senagat pudaklaryny ösdürme­k, innowasion häsiýe­tli bilelikdäki kärh­analaryň işini ýola goýmak, eksporta gön­ükdirilen we importy çalyşýan önümçilikl­eri hem-de täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goragl­ylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler üstünlikli amal ed­ilýär.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2157
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1494
0