Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir

Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir
Makalalar
05.09.2023, 14:46
238
0
Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir

Ynsanyň bütin ömrüniň manysy onuň mertebeli ýaşaýşy bilen kesgitlenýär. Mertebe merdanalykda, wepalylykda, kämillikde öz mynasybetini tapyp, biziň mertebe mekdebimiz geçmişimizdir, pederlerimizden miras galan gymmatly ýol-ýörelgelerdir, edim-gylymlardyr, terbiýedir. Şol mekdebiň uçurymy bolan ýaşlar kämil nesiller bolup, türkmeniň halk hökmündäki mertebeli ýaşaýşyny heňňamlardan heňňamlara aşyryp, nesillerden nesillere ýetirýärler. Dowamatyň dowam tapmasy bolsa çyn döwletlilikdir, deňli-derejelilikdir.

Garaşsyzlyk döwründe dünýä inenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň häzirki ýaş nesilleridir. Bu günki ýaşlar Watan geljeginiň eýeleridir. Hut şonuň üçin-de, ýaş nesli ak ertirlere milli ýol-ýörelgelerimize kybap taýýarlamak, olarda bu topragyň, beýik pederleriň buýsançly nesilleridigi baradaky çuňňur watançylyk duýgularyny ösdürmek şu günüň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şol jähetden, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi taryhy gymmata eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyz umumy sapakdaky çykyşynda ýaş nesillere öwüt-ündewleri, pentleri bermek bilen şeýle belledi: «Biz beýik oguzlaryň nesilleridiris. Biz dünýä taryhyna we medeniýetine gymmatly goşant goşup, taryhda nusgalyk yz galdyran halkyň nesilleridiris. Biz öz şanly geçmişimize, baý taryhymyza, beýik döwrümize guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyrys». Hawa, bu jümleleriň özi hem eýýäm biziň türkmendigimize, şu Watanyň, şu topragyň neslidigimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Hangeldi Allaberdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0