Akyldaryň hormaty beýgelýär.

Makalalar
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Akyldaryň hormaty beýgelýär.
Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli garşylanjak günler barha golaýlaşýar. Türkmen milleti bolup şeýle akyldar şahyrynyň bardygyna buýsanmaga haklydyr. Taryhyň gatyna söz paýhasy bilen öz adyny ýazmagy başaran akyldar şahyryň sarpasy hasam beýgelýär.
Ynha indi Magtymguly Pyragy diýlende dünýäniň dürli künjeklerinde onuň weliligine we pähim-parasatyna goýulýän sarpanyň has belentdigi baradaky habarlary eşideniňde öz ýanyňdan çäksiz byýsanç duýgularyna gaplananyňy duýman galýarsyň. Milli Liderimiz,Gahryman Arkadagymyzyň, arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen akyldar şähyryň ruhy tirsegine galdy. Magtymguly döwürleriň depesinden seretmegi başaran şahyrdyr.
Türki halklaryň arasynda Magtymguly Pyragy barada gyzyklanmalar gün-günden artýar. Doganlyk goňşy döwletlerde hem şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanmalar dowam edýär. Alymlar onuň döredijiligi bilen gyzyklansalar heýkeltaraşlar bu ussada ýadygärlik heýkelleri gurýarlar. Çünki türkmen halkynyň söwer ogly Magtymguly Pyragy bu dünýä nusgalyk üçin berlen paýhas mekdebidir.
Orazgylyç Orazberdiýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...