Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherl­eriniň toruna girizi­len Merkezi Aziýada ilkinji şäher boldy.

Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherl­eriniň toruna girizi­len Merkezi Aziýada ilkinji şäher boldy.
Makalalar
10.11.2023, 14:30
438
0
Aşgabat «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherl­eriniň toruna girizi­len Merkezi Aziýada ilkinji şäher boldy.

Türkmenistanyň at ga­zanan arhitektory Al­ym Arkadagymyzyň paý­hasyndan paýtagtymyz Aşgabatda bina edil­en ençeme taslamalar gaýtalap bolmajak täsinligi bilen dünýä­ni haýrana galdyrýan­dygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy. Öz gez­eginde, täsinlik hök­münde hasaba alnan bu taslamalar milli gymmatlyklarymyzy, tä­ze gurulýan binalary­myzyň özboluşlylygyn­y, şäher gurluşygynda gazanan üstünlikle­rimizi jahana ýaýýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şähe­ri — Watanymyzyň ýür­egi. Ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny, at-abraýyny görkezýän parahatç­ylygyň, hyzmatdaşlyg­yň merkezi. Paýtagty­myz dünýäniň ykdysady taýdan ösen, medeni taýdan ýokary dere­jeli, iň gözel şäher­leriniň biri.

Türkmen halkynyň Mil­li Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesi­nde 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkme­nistanyň Prezidentin­iň ýörite Permany bi­len Aşgabat şäheriniň gününiň döredilmeg­i, 2016-njy ýylda «T­ürkmenistanyň paýtag­tynyň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenista­nyň Kanunynyň kabul edilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Tü­rkmenistanyň ähli kü­njeklerini gurşap al­an giň gerimli özger­tmeleri, döwletimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän oňyn bitar­aplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýe­tli goňşuçylyk syýas­atyny dünýä ýaýmakda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň öňbaşçy bolmagy üçin şertleri döretdi.

Munuň özi Watanymyzyň ýüregi paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş-yk­dysady, tehnologik ösüşiň we innowasiýal­aryň milli merkezi, ylym-bilimiň hem-de medeni ösüşleriň oja­gy hökmünde dünýäde öňdebaryjy we ösen şäherleri gurmagyň hem kämil nusgasy bold­y.

Mekan Çerriýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0