Sogaply isin tutumlary

Sogaply isin tutumlary
Makalalar
23.09.2022, 19:27
1043
0
Sogaply işiň tutumlary
   Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň özeninde halkyň abadançylygy, asuda parahat durmuş ugrundaky aladalar, doganlyk-dostluk gatnaşyklaryny berkitmek üçin geçirilýän adamzat ähmiýetli çäreler durýar. Ynha şolaryň biri hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda has takygy awgust aýynda Hazaryň kenar ýakasynda bolup geçen ýene bir sogaply işleriň biridir.
     Hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolanynda “Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogaz köl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagyna gatnaşyp, bu haýyrly işe ak pata berdi.
    Täze köpri ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag hem-de ýolagçy gatnawynyň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu kopri Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Hindistanyň ýük daşaýjylaryna deňiz, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary arkaly Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna gysga ýol boýunça çykmakda netijeli hyzmat eder.
    Uzynklygy 354 metre barabar ini 21 metr bolan ikitaraplaýyn köpriniň gurluşygyny alyp barmak, bu ugurdan öňem kän desgalary gurup, özüni görkezen “Althom” kompaniýasyna ynanyldy. Geljekgi nesillere ajaýyp sowgat boljak bu köpriniň gurluşygy şu günler dowam edýär.
                                 Ybraýym Gurbanow                                      Turkmen dowlet binagarlik-                       gurlusyk instutynyn mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0