Türkmen halysy ýagşy niýetleriň gözelligi

Türkmen halysy ýagşy niýetleriň gözelligi
Makalalar
10.03.2023, 15:18
571
0
Türkmen halysy ýagşy niýetleriň gözelligi

Türkmen zenanlarynyň dokaýan halylary asyrlardan asyrlara aşyp, özüniň sungat derejesini beýgeldip, gözelligini saklap biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Dünýäniň ähli ýerlerinde dokalyş ussatlygy, gözelligini saklamakdaky täsinligi, bezegi, many-mazmuny taýyndan meşhur bolan türkmen halysynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda şöhraty beýgelip älem içine doldy. Halyda türkmen halkynyň kalbynyň owazy, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gaýtalap bolmajak sungaty bar.

Gadymy döwürlerden bäri halklaryň arasynda meşhurlyk gazanan halylarymyz dünýä soltanlarynyň köşklerine bezeg berip gelipdir. Hanlyklar, soltanlyklar biri-birine sowgat edende iň gymmat sowgat hökmünde türkmen halylaryny ulanypdyrlar. Şeýdibem ýagşy niýetli halkyň kalby bolan haly, agzybirligiň, asudalygyň, özara düşünişmegiň nusgasyna öwrülipdir.

Hatda biziň halyçylarymyz özge halklaryň sungat eserlerini öz halylarynda şöhlelendirip, bu ugurdan uly goşant goşupdyrlar. Mysal üçin rus halkynyň milli şahyry A. S. Puşkiniň portreti çekilen haly hem-de A. S. Puşkiniň “Balykçy we balyjak hakyndaky erteki” atly eserlerini suratlandyrýan halylary dokap, iki halkyň doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edipdirler.

Türkmen halysy gözelligiň, ýagşylygyň nusgasy bolup älem ýüzünde lowurdaýar.

Türkmen döwlet ykdysadyyet we dolandyrys inistituty talyby Laçyn Nurmyradowa
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0