Ildeşlerimiziň üstünligi

Makalalar
Ildeşlerimiziň üstünligi
Golaýda Bahreýn döwletinde bolup geçen agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiz üstünlikli çykyş edip, guwandyryjy netijeleri gazanmagy başardylar. Has takygy ildeşimiz Gülnabat Kadyrowa 71 kg agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Ol birbada götermekde 102 kg, itekläp götermekde 117 kg agramy galdyrdy.
Şeýle-de 49 kg agramda çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa umumylykda 172 kg agramy götermek bilen bürünç medaly gazandy. Onuň itekläp götermekdäki görkezen netijesi kiçi bürünç medala mynasyp boldy.
Ildeşlerimiziň şeýle yzygiderli üstünlikleri, biziň Berkarar döwletimizde sportuň uly özüşlere eýedigini görkezýär.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn uly mugallymy Rejepmuhammet Nurmuhammedow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...