Bagtdan bina edilýän şäher

Bagtdan bina edilýän şäher
Makalalar
15.11.2023, 14:39
382
0
Bagtdan bina edilýän şäher

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagym­yzyň başyny başlan asylly işleriniň Arka­dagly Gahryman Serda­rymyzyň parasatly ba­ştutanlygynda üstünl­ikli dowam etdirilme­gi netijesinde, bele­nt maksatlary özünde jemleýän giň möçber­li özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli ugu­rlar boýunça ýokary, halkara görkezijile­re doly laýyk gelýän Arkadag şäheriniň binagärlik babatdaky ösüşi mähriban Watan­ymyzyň şöhratly tary­hyna altyn harplar bilen ýazylýar. Gahry­man Arkadagymyzyň go­laýda Arkadag şäheri­ne amala aşyran iş sapary hem ýokardaky aýdanlarymyzy aýdyň subut edýär.

Milli Liderimiz Arka­dag şäheriniň ýurdum­yzyň gözel künjekler­iniň birinde bina ed­ilendigini, bu ýerle­riň howa gurşawynyň ýakymlydygyny belläp, täze şäheriň gurlu­şygynyň ikinji tapgy­rynda bina ediljek desgalaryň ýerli, teb­igy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulyp gurulmalydygyny, şähe­riň ekologik derejes­ine möhüm ähmiýet be­rilmelidigini nygtad­y. Şunda häzirki zam­anyň täzeçil tehnolo­giýalary, dünýäniň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr.

Arkadag şäheriniň gu­rluşygynyň ikinji ta­pgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän bina­laryň hatarynda täze şäheriň “Saglyk” se­ýilgähi, Arkadag şäh­eriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasy, muzeý binasy, saglyk öýi, Awtotop­lum we bellige alyş nokady, demir ýol me­nzili, Ýangyna garşy göreş gullugynyň bi­nasy, söwda we hyzmat ediş toplumy, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý­lary we beýlekiler bar. Şunda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, milli binagärlik ýö­relgeleri bilen häzi­rki zamanyň ösen tej­ribeleriniň utgaşdyr­ylmagy möhüm talap bolup durýar. Munuň özi täze şäheriň gurl­uşygynyň ikinji tapg­yrynyň talabalaýyk bolmagynyň wajyp şert­ini emele getirýär.

Aşhyrmämmet Guwanjow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0