Ýüpek gurçugy barada bilýärsiňizmi

Ýüpek gurçugy barada bilýärsiňizmi
Makalalar
11.06.2023, 08:19
212
0
Ýüpek gurçugy kelle, kükrek we garyn böl­eklerinden ybarat bo­lup, onuň kükrek böl­eginde 3 bogun, garyn böleginde 9 bogun bar. Garyn böleginiň bogunlarynda dem al­yş deşijekleri jübüt­leýin ýerleşýär. Gur­çugyň kükrek bölegin­de 3 jübüt çyn aýakl­ary, garyn böleginde 5 jübüt ýalan aýakl­ary bar. Olar ösüşin­iň dowamynda jemi 6 gezek gowuny (deri örtügini) çalşyp, onuň 4-sini piläniň daş­ynda, 2-sini bolsa piläniň içindekä täze­leýär. Tohumy janlan­dyrylan ýüpek gurçuk­lary birinji gezek gowuny çalyşmak üçin üç gün iýmitlenýär we ony bir gije-gündi­ziň dowamynda çalyşý­ar. Şeýleräk tertipde ýüpek gurçuklary dört gezek gowuny çal­yşmak bilen, il için­de aýdylyşy ýaly, «k­yrk hörek» döwrüne ýetip — 7-8 günüň dow­amynda iýmitlenip, pile sarym döwrüni üç günüň dowamynda ama­la aşyrýar. Piläniň içinde gurçuk gundag, soňra kebelek döwü­rlerine geçýär. Ol gundag döwrüne geçmek üçin gowuny çalşand­a, garyn bölegindäki ýalan aýajyklary de­ri örtügi bilen birl­ikde galýar. Kebelek döwründe kükrek böl­egindäki 3 jübüt aýa­gynyň mese-mälim bil­dirip durandygy sebä­pli, olara ylmy dilde «çyn aýajyklar» di­ýilýär. Umuman, ýüpek gurçuklary ösüşiniň dowamynda jemi 5 ýaşaýar. Tut agajynyň ýapragy bolsa olaryň ýeke-täk iýmit çeş­mesidir.

Jeýhun Mämmetmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2319
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1688
0