Ylym bilim

Ylym bilim
Makalalar
15.10.2023, 18:47
261
0
Dil bilen dünýäni gezer

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.

Döwletimiz tarapyndan bilim bermegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlar, sanly tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly üpjün edilýär. Bu bolsa ýaşlara bilim berlişiniň hilini ýokarlandyryp, ony dünýä derejesine ýetirmäge şert döredýär. Häzirki wagtda okuw maksatnamalaryndaky ähli dersler bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini öwretmeklige hem aýratyn üns berilmek bilen, ýaşlaryň azyndan üç dil bilmekleri gazanylýar.

Türkmen ýaşlary häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryna erk edip, daşary ýurt dillerini has içgin öwrenmekligiň örän ýeňil usulyýetlerini özleşdirip, öwrenýän dillerini suwara bilýärler. Ýurdumyzda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanylan «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Konsepsiýanyň düzgünlerini talabalaýyk ýerine ýetirmeklik üçin zerur bolan ähli şertler we mümkinçilikler ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda döredilendir. Häzirkizaman dünýäsinde sanly tehnologiýalaryň ösmekligi bilen daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň we öwretmekligiň usulyýeti hem ýeňilleşdi.

Ata Watanymyzda daşary ýurt dillerini öwrenijileriň öwrenýän dilini aňsat özleşdirmekligi üçin niýetlenilen dürli programmalar döredildi. Daşary ýurt dillerini dürli oýunlaryň üsti bilen öwredýän programmalar dili örän çalt we aňsat özleşdirmäge ýardam edýär.​

Goý, ýurdumyzda okamaga, döretmäge, işlemäge ajaýyp şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömrürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Hangeldi Öwezgylyjow

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0