uçmaýan totuguş

uçmaýan totuguş
Makalalar
21.06.2023, 23:32
172
0
uçmaýan totuguş

Bu täsin guşlar birnäçe müňýyllyklardan bäri Täze Zelandiýada ýaşaýarlar. Olar totuguşlar maşgalasyna degişli. Beýleki guşlardan tapawutlylykda bu guşlar uçup bilmeýärler. Olaryň ýüzi baýguşuňka, hüwiniňkä meňzeýändigi üçin ýewropalylar oňa «Baýguş totuguşy» diýip at berseler, Täze Zelandiýanyň ýerli halky bu guşa kakapo diýip at dakypdyr.

Stýuart adasynda olaryň toparlarynyň tapylmagy bu guşlaryň biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Täze Zelandiýanyň tebigaty goraýyş departamentiniň geçiren gorag işleriniň netijesinde olaryň sany barha köpelipdir.

Kakapo täsin, güýçli sesli iri guş. Onuň üýtgeşik sarymtyl-ýaşyl, garyn böleginiň bolsa öwüşginli reňki bar. Ýelekleriniň hemme ýerinde goňur, gara pytraň şekilli tegmilleri bar. Ýelekleriniň bu täsin reňki sebäpli, olary agaçlaryň arasynda saýgarmak kyn. Uçmaýan totuguşlar gündizine öz bukularynda ýatýarlar. Gijelerine bolsa awa çykýarlar.

Olar deňiz derejesinden 1500 metr beýiklikde dag gaýalarynda, baglaryň depelerinde höwürtgelerini gurýarlar. Olar totuguşlar maşgalasynda iň agyry bolup, erkekleriniň agramy 4 kilograma, urkaçylarynyňky bolsa, 2,8 kilograma, bedeniniň uzynlygy 60 santimetre barabardyr. Bu guşlar ortaça 95 ýyl ýaşaýarlar. Olar her ýylda köpelmeýärler, diňe baglaryň hasyllylygy gowy bolan wagty köpelýärler. Haçan-da olar gorkanda, şol duran ýerinde hereketsiz ýagdaýy saklaýarlar. Olar beýleki jandarlardan gorkmaýarlar, şonuň üçin hem ýyrtyjylara ýeňil aw bolýarlar. Bu täsin guşlaryň sany häzirki günlerde has-da artdyrylýar.

Musaguly Çaryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0