Bilim — bagta badalga

Makalalar
Bilim — bagta badalga
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin internet ulgamyna birikdirilen, interaktiw usullary ornaşdyrylan binalaryň sany has-da artýar. Berilýän bilimiň dünýä ülňülerine doly laýyk getirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, ylymda, bilimde gazanylan soňky ösüşlerden ýaşlaryň habarly bolmaklary ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy maksady — adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekden, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir.
Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ders, döredijilik-taslama, ylmy we sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän bu bäsleşikler özüniň ajaýyp miwesini berýär. Türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge, asuda asmanymyzyň astynda döretmäge, gurmaga bolan ähli mümkinçilikleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan sagbolsunymyzy aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Kemal Aýmämmedow
Türkmenistanyñ inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ
Ulaglar fakultetiniñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...