Dünýäniň ajaýyp stad­ionlary

Dünýäniň ajaýyp stad­ionlary
Makalalar
24.05.2023, 22:35
186
0
Paýtagtymyzyň görki

Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» köpugurly stadiony 2011-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 20 müň tomaşaça niýetlenen bu stadionda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik bar. Bu ýerde woleýbol, basketbol, bouling, agyr atletika, boks, fitnes, gimnastika ýaly sportuň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen jemi 17 sany türgenleşik zaly, çagalara we ululara niýetlenen howuzlar hereket edýär. «Aşgabat» stadionynda dürli sport ýaryşlary hem üstünlikli geçirilýär.

Milanyň buýsanjy

Italiýanyň Milan şäherinde ýerleşýän «San-Siro» stadiony «Juzeppe Meazzy» ady bilen hem meşhurdyr. Ol 1979-njy ýyldan başlap dünýä çempionatynda iki gezek — 1934-nji we 1938-nji ýyllarda ýeňiş gazanan italýan futbol toparynyň ýyldyzy Juzeppe Meazzynyň hormatyna şeýle atlandyrylypdyr. Ýurduň milli ýygyndylary «Milan» we «Internasional» futbol toparlaryna degişli bolan 35 müň orunlyk «San-Siro» stadiony ilkinji gezek 1926-njy ýylyň sentýabrynda açylýar. Soňra 1940-njy ýylda onda abatlaýyş işleri geçirilip, tomaşaçynyň orny 65 müň adama ýeten stadionda Italiýa bilen Germaniýanyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirilýär. «Internasional» futbol toparynyň hem «San-Siro» stadionyna ýerleşmegi üçin bu merkez täzeden abatlanyp, çägi giňeldilýär. 1955-nji ýylda gaýtadan açylan stadion 85 müň orunlyk bolýar.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0