Okuw sapagy

Okuw sapagy
Makalalar
30.11.2023, 16:39
456
0
30.11.2023ý.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri zamanabap milli ruhda terbiýelemek, olaryň hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini gazanmak babatda öňde goýýan wezipelerini amal edip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärler boýunça ylmy merkezler, gurnaklar hereket edýär, şeýle-de professor-mugallymlar tarapyndan göçme okuw sapaklary guralyp durulýar.

Şeýle göçme okuw sapaklarynyň biri ýakynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan guraldy. Onda bu ýokary okuw mekdebiniň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň professor-mugallymlary Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň “Ruhabatgurluşyk” trestiniň Asfaltbeton zawodynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini, ol ýerde ulanylýan gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklary, maşyn-mehanizmleriň görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri bilen tanyşdylar we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda hereket edýän şular ýaly ýol gurluşyk materiallarynyň zawodlarynyň ähmiýeti barada baý maglumatlary berýän sapaklary guradylar.

Ýokary okuw mekdebinde ýerine ýetirilýän şeýle guramaçylyk çäreleri, geçirilýän dürli görnüşli sapaklar talyp ýaşlaryň zamanabat tehnologiýalardan baş çykarýan, bilimli, ylymly we tejribeli hünärmenler bolup ýetişmeklerine, olarda belent adamkärçilik, ýokary ahlaklylyk, watansöýüjilik, gaýratlylyk, zähmetsöýerlik sypatlarynyň jemlenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän nesliň zamanabap bilimli we terbiýeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0