Döwrebap zamananyň döwrebap şäheri

Makalalar
Döwrebap zamananyň döwrebap şäheri
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulan Arkadag şäheri bu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlyk sene ýazgysyna täze ajaýyp sahypa bolup girdi
Döwrebap şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, ýaşamak üçin has oňaýly şertler döredilen döwrebap obalary, şäherçeleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn we gyradeň ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýan raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalarda mizemez türkmen döwletiniň berkarar bolmagynda Gahryman Arkadagymyzyň bitiren hyzmatlaryna beýik sarpa, çäksiz guwanç, buýsanç beýan edilýär.
Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy ähli halkmyz bilen bir hatarda bagtyýar ýaşlaryň hem şatlygyny has-da artdyrdy.
Döwletgeldi Çarwaýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...