Döwür bilen aýakdaş

Döwür bilen aýakdaş
Makalalar
17.10.2023, 19:20
264
0
Döwür bilen aýakdaş

​ ​ Ýurdumyzyň geljegini ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýan türkm­en halkynyň Milli Li­deri Gahryman Arkada­gymyz bilim ulgamynda ägirt uly özgertme­leriň başyny başlady. Häzirki wagtda ol özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Şeýle beýik tutumlar biz — türkmen ýaşlar­ynyň ylymly, giň göz­ýetimli, aýdyň maksa­tly, tutanýerli we döwür bilen deň gadam urýan kämil şahsyýe­tler bolup kemala ge­lmegimize çäksiz müm­kinçilikleri döredýä­r.

Diýarymyzyň ähli ýer­lerinde gurulýan döw­rebap bilim ojaklary bilen bir hatarda, döwrebap okuw serişd­eleri, zamanabap inn­owasion tehnologiýal­ar häzirki wagtda ýa­şlarymyz üçin elýete­rli edilýär.

Sanly bilim ulgamy her bir okuwçynyň ýa-­da talybyň öz öwreniş tizligine, şeýle-de maglumatlary kabul ediş usulyna görä öwrenmegine hem mümki­nçilikleri berýär. Şeýle ýagdaýlarda oku­wçylar ýa-da talyplar diňe bir okuw kita­plary bilen çäklenmä­n, maglumatlary sanly bilim ulgamynyň ma­glumatlar binýadyndan islendik wagt gözl­äp tapyp biler.

Ýaşlarymyz üçin elek­tron kitaphananyň mü­mkinçilikleri hem çä­ksizdir. Ýaşlaryň öz oturan ýerinden isl­än çeper eserleriniň, okuw kitaplarynyň, halaýan gazet-žurna­llarynyň elektron nu­sgasyny şahsy kompýu­terlerine ýükläp bil­mekleri bilimiň isle­ndik ýerde elýeterdi­gini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Ýurdumyzda ähli ugur­lar bilen bir hatard­a, bilim ulgamynda hem amala aşyrylýan şeýle ajaýyp özgertme­ler Watanymyzda ýaşl­arymyz üçin edilýän iň uly aladadyr. Bu özgertmeleriň sakasy­nda duran türkmen ha­lkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz­yň, peder ýoluny myn­asyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbi­tli beýik işleri elm­ydama rowaçlyklara beslensin!

Yhlas Ataýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ senagat we raýat jaý gurluşygy kafedrasynyñ müdüri
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0