söküň peýdasy

söküň peýdasy
Makalalar
02.07.2023, 16:45
102
0
Bu sök gawundan däl-­de, darynyň tohumynd­an taýýarlanylýar. Sök üçin darynyň gowy bişen tohumlary saý­lanyp alynýar. Ilki olar arassa suwda ýu­wulýar. Soňra ýuwlan dary tohumlary suwda ýumşaýança gaýnady­lýar. Ýumşandan soňr­a, gyzgyn gazanda bi­raz gyzardylyp gowru­lýar. Gowrulan tohum­lar sokuda, daşynyň gabygy aýrylýança dö­wülýär. Gabygy aýryl­an dary şemala sowru­lyp, gabyklaryndan doly arassalanýar.

Süýtli gara çaýa aty­lyp, isle nabat, isle gant bilen iýilýän bu iýmit adam sagly­gy üçin örän peýdaly­dyr. Ondan käsäňe ýa­-da çäýnekdäki çaýa biraz atsaňam, ol tiz wagtdan çişýär hem­-de çaýa aýratyn bir lezzetli tagam berý­är. Gara çaýa atylyp iýlen sök adamy gün­uzyn dok saklaýar we onuň şähdini açýar.

Ruslan Mämmetjumaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0