Arkadag şäheri – geljegiň nury

Arkadag şäheri – geljegiň nury
Makalalar
16.07.2023, 20:16
187
0
Arkadag şäheri – geljegiň nury

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri “Aziýanyň merjenine” öwrülen bolsa, “akylly şäher” konsepsiýasyndan ugur alnyp gurulan Arkadag şäheri dünýäniň göwher şamçyragyna öwrüldi. Bu ýöne ýerden däl. Çünki häzirki zaman dünýäsiniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze şäheriň gurlan ýeriniň hem özboluşly aýratynlygy bar. Onuň gurlan ýeriniň Köpetdagyň eteginden saýlanylyp alynmagy bu şäheriň howasynyň tebigatyň tämizligi bilen utgaşyp gitmegine täsir edýär. Dag eteginiň sergin howasy bu töweregiň tämizligine tämizlik goşýar.

Arkadag şäherinde gurlan binalaryň gözelligi hem aýratyn bellik etmäge mynasypdyr. Ol binalarda häzirki zaman dünýäsiniň ösen binagärlik keşpleri bilen türkmen halkynyň milli äheňlerini özüne siňdiren keşpleriň utgaşykly bolmagy, bu şäheriň görküne görk goşýar. Her ädimde milli äheňleri ýatladyp duran, ajaýyp sungat eserlerine meňzeş gurulan binalar Arkadag şäherinde geljegiň nury bolup parlaýar.

Söhbetgeldi Kerkawow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0