Milletiň bagtyýarlygynyň binýady

Milletiň bagtyýarlygynyň binýady
Makalalar
15.10.2023, 18:36
297
0
Milletiň bagtyýarlygynyň binýady

​ ​ ​ Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmäge, döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.

Islendik döwletde, islendik jemgyýetde ylym-bilim durmuşy kämilleşdirmek üçin iň ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Ylym-bilim ýaşaýşa zynat berýär, döwletiň berkararlygyny, milletiň bagtyýarlygyny binýat etmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim, ýaşlar hakdaky alada döwlet syýasaty derejesine göterilip, ol hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şeýle giň möçberli özgertmeler esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, geljekde ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär.

Häzirki wagtda ylym-bilim özgertmelerini dünýä derejesine çykarmakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdeplerini gurmak hem-de ylmy işgärleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek meselelerine düýpli çemeleşilýär. Ylym-bilim ulgamyndaky her bir özgerişlik bolsa tutuş döwletimize dahylly bolup, ol bagtyýar halkymyzyň geljege bolan mizemez ynamyny has-da berkidýär. Bularyň ählisi bolsa geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleri has-da yhlasly okamaga, önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Döwletgeldi Saparow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0