Ak saherim asgabat

Ak saherim asgabat
Makalalar
23.09.2022, 20:10
1088
0
Ak şäherim Aşgabat
     Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherine ýer ýüzünde ýöne ýerden  dünýäniň merjen şäheri diýilmeýär.  Belent-belent ymaratlar, ýaşaýyş  jaýlary, bilim, saglyk, medeniýet, sport we beýleki durmuşy maksatly gurulýan desgalarda milli binagärlik sungatynyň ajaýyp keşbini görmek biziň kalbymyza çäksiz buýsanç duýgularyny salýar. Aşgabadyň ak mermerli binalarynyň köplügi hem tasinligi bilen  Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi hem ýöne ýerden däl. Bu ähmiýetli wakalaryň amala aşmagynda gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady goýlan binagärlik sungaty, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary dur.
    “Oguzhan” binagärlik heýkeller toplumynyň bir topluma jemlenen suw çüwdürimleriniň sanynyň köplügi boýunça, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguzhanyň sekiz burçly  äpet ýyldyzynyň şekili, Milli muzeýiň öňündäki Baýdagyň sütüniniň beýik baýdak sütüni, Olimpiýa şäherçesindäki stadionyň münberini bezeýän ahal-teke bedewiniň çeper keşbiniň atyň dünýadaki iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna çirizilmegi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.
     Aşgabadyň şaglap duran, aýna ýaly tekiz şa ýollarynyň bag-bakja beslenip oturmagy görenleriň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Aşgabady dünýäde iň arassa hem owadan şähere öwürmek babatynda taýsyz tagalla edýän Hormatly Prezidentimiziň belent tutumlaryna rowaçlyk arzuw edýäris.

                               Didar Öwezow
                    Turkmen dowlet binagarlik-                               gurlusyk instutynyn talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2319
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1688
0