Buýsandyrýan habarlar

Makalalar
Buýsandyrýan habarlar
Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýän ösüşleri baradaky yzygiderli habarlar häli-şindi gelip gowuşýar. Bu bolsa halkymyzyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Şu babatda ÝUNESKO – nyň Adamazadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýän, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary hakynda guwanç bilen gürrüň berip bolar. Hut şu ýylyň maý aýynda bu abraýly guramanyň medeni mirasynyň sanawyna “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly halkymyzyň medeni mirasynyň görnüşleriniň goşulmagydyr. Munuň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredilen milli medeni eserleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan nusga hökmünde käbul edilýändigini görkezýär.
Mundan öňem “Gadymy Merw” we “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanalaryny, Köne we Täze Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilipdi. Başga-da, türkmen halkynyň milli medeni mirasyna degişli bolan “Görogly” dessançylyk sungatynyň, Nowruz baýramynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli bagşyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatynyň hem bu sanawa goşulmagy, munuň özi milletimiziň arssa döredilen milli medeniýetine dünýä tarapyndan goýulýan sarpanyň buýsançly subutnamasydyr.
Emir Begjanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...