Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdum

Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdum
Makalalar
10.09.2023, 19:07
218
0
Garaşsyzlyk alyp galkynan ýurdum

Watanymyzyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ösüş depgini barha artýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy gazanylýar. Ähli rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran, bizi üstünliklere we ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly işlerinde watansöýüjiligiň belent nusgasyny görýäris. Belent maksatlar we il-ýurt bähbitli işler halkymyzda ruhubelentlik döredip, röwşen geljege bolan ynamyny artdyrýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň beýik ösüşlerine buýsanmak, döredijilikli zähmet çekmek uly bagtdyr.

Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň abadan durmuşy we ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň gün-günden ýokarlanmagy her birimizde buýsanç döredýär. Şeýle ajaýyp ykbal, bagt we döwletlilik bu günki günde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy alamatyna öwrüldi.

Eziz Diýarymyzda toý-dabaralar, şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde we ruhubelentlikde belleniljek Garaşsyzlyk toýy halkymyzyň agzybirliginiň, watansöýüjiliginiň, döwletimiziň mizemezliginiň ýalkymly buşlukçysy bolup, mähriban ildeşlerimiziň kalbyny joşdurar.

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasy bolsa, döwlet Garaşsyzlygymyzyň mizemezliginiň sütüni bolup, ildeşlerimiziň we ýurdumyza gelýän myhmanlaryň kalbynda ýakymly täsir galdyrýar.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli, dürli ulgamlarda halal zähmet çekýän, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan adamlara döwlet sylaglarynyň, ýörite atlaryň dabaraly ýagdaýda berilmegi ýatdan çykmajak täsirli pursatlar bolup, raýatlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterýär hem-de olary geljekki zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Farhat Atamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0