Ekologiýa syýasaty dabaralanýar

Makalalar
Ekologiýa syýasaty dabaralanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatymyzyň saglygynyň, ýurduň abadançylygynyň girewi bolan daşky gurşawyň ýagdaýy döwlet tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy toplumy tebigaty baýlaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak çygryny kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Döwlet býujetinde her ýylda tebigaty goraýyş çäreleri üçin uly möçberde serişdeleriň göz öňünde tutulmagy we olaryň kesgitlenilen maksatlar üçin sarp edilmegi, ýurdumyzda daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni alýan kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, hojalyk pudaklarynda daşky gurşawy goraýjy howpsuz tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda ekologiýa meseleleriniň netijeli, yzygiderli we toplumlaýyn çözülýändigini görkezýär.
Ýurdumyzyň ekologik dürlüligini gorap saklamagyň baş ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň ekologik kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Esasy Kanunynda tebigy gurşawy goramak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek barada möhüm düzgünler berkidilýär. Ekologik gatnaşyklary kadalaşdyrmak maksady bilen kabul edilen kanunlar ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň wajyp meseleleriniň çözülmeginde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda aýratyn orun tutýar.
Ilatyň saglygyna esasy täsirli zatlaryň birem hem ekologiýa meselesi bolup durýar. Daşky gurşawy gowulandyrmak häzirki zaman ylmynyň iň wajyp meseleleriniň biridir. Adamzadyň ýaşaýşynda bu alnyp barylýan işleň möhüm ähmiýeti bolup, saglygy gowulandyrmakda uly orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmegi töwerekdäki tebigy gurşawy sagdynlaşdyrmaga adamyň ýaşaýşy üçin amatly, arassa sagdyn tebigy gurşawy bolan hukuklary amala aşyrmaga ýurtda ekologiki howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilýär.
Il-ýurt sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.
Kerimberdi Ataýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...