Bilim — bagtyň çyragy

Bilim — bagtyň çyragy
Makalalar
05.09.2023, 14:09
258
0
Bilim — bagtyň çyragy

Güýz paslynyň ilkinji gününde Türkmenistan döwletimiziň ähli okuw mekdeplerinde täze — 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýan ilkinji jaň ýaňlandy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdeplerde, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirildi. Hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň onlarçasy açylyp ulanmaga berildi, ençemesiniň düýbi tutuldy.​

Islendik döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu möhüm ugurlarda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegi hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda her ýyl orta we ýokary bilim edaralary, çagalar baglary, sagaldyş we sport merkezleri giň gerimde gurlup ulanmaga berilýär. Asylly däbe görä, Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi.

Aýratyn buýsandyryjy ýagdaý, täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 35-si açyldy. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran talyplar öz saýlap alan hünärleri boýunça bilimler dünýäsine gadam basdylar. Şoňa görä-de, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ilkinji okuw sapagynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünliklerine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge bagyşlanandygyna üns çekmek gerek.

Ussanepesow Didar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0