«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüre­gi» 

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüre­gi» 
Makalalar
30.09.2023, 07:16
445
0
«Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan ilaty boýun egdirmek duşmanlara juda kyn düşüpdir. «Güýç bilen alyp bilmesek, gabap, surnukdyryp alarys!» diýip, basybalyjylar şäheri goraýjylara haýbat atypdyrlar. Gabawdakylaryň arasynda tutuş Gündogara belli küýzegärler Mähri külal bilen Bahaweddin hem bar ekeni. Olar şäheriň ýaşaýjylaryny goldapdyrlar, ýöne söweş tärlerine näbelet bu ussalar näme edip biljekdi?! Duşmanlar gün-günden güýçli zarba urýardy. Gabawda galanlar özleriniň güýçden gaçyp, duşmanlaryň gala diwarlaryndan geçjek pursadynyň ýakynlaşyp gelýändigini duýýardylar. Her kim dogduk şäherini nädip halas etmegiň alajyny gözleýärdi. Şonda gije bir çene barandan soň, Mähri külalyň külbesine şäheriň iň pähimli gojalarynyň biri gelipdir. Ol: «Mähri külal, sen maňa gulak as, bu gün bolmasa, erte duşmanlar şäheri eýelärler. Olaryň zorluk etmegine ýol bermeli däl. Bir çykalgamyz bar. Ertire şäherimiziň alymlary hem tebipleri birleşip, adamlaryň güýjüni iki esse artdyrýan, täsin bir dermany taýýarlar. Siz bolsa, küýzegärler bolup, ertir irdene çenli şäherde näçe adam galan bolsa, şolaryň her birine bir okara taýýar etmeli» diýipdir.

Ussalar haýal etmän, işiň başyna geçipdirler. Küýze edilýän iki çarh durman aýlanýardy. Gije ýarymda küýzeler guýlup bolupdy, işiň eýýäm ýarysy bitirilipdi. Indi küýzeleri bişirmelidi. Ýöne daşy gabalgy şäherde ne bir odun, ne-de gury çöp tapyp boljak?! Iş bolsa birjik-de bökdelmeli däldi.

Külallar ähli gaplary bir humdana üýşürýärler. Bahaweddin ot tutaşdyrýar. Külal ýigit ýakmaga oňaýly näme tapsa, üýşürip, oda oklaýar. Mähri külal elini gözüne kölegeledip, humdandaky golçalara seredýär. Ot pesdi, «Bahaweddin, ýene-de gaýrat et!» diýip, ol özelenýärdi. Ot bolsa, bilgeşleýin diýen ýaly, örän haýal ýanýardy. Bahaweddin galanja çöp-çalamlary oda oklaýar. Ot biraz ýalynlap başlaýar. «Ýene azajyk gaýrat et!» diýip, Mähri külal halys ýalbarýar. Bahaweddin, oýlanyp durmazdan, başgabyny oda oklaýar. «Ýene azajyk ýanaý!» diýip, ol başgabynyň yzy bilen egnindäki geýimlerini hem oda oklaýar. Mähri külal «Ýene azajyk!» diýip, özüni ýitirip gygyrýar. Gursagyny dolduryp dem alşyna, Bahaweddin özüni oda oklaýar...

Duşmanlar Amuly boýun egdirip bilmeýärler. Amuly şol iki külal halas edipdir» diýlip, rowaýatda beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan.

Meýlis Howmeýew

Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0