Peeydaly maslahatlar

Makalalar
Gazyň üstünde ýanyk yzlary bar bolsa, ýarysy kesilen sogany aşhana dürtgüjiniň ujuna dürtüp, sähel gyzdyrylan gazyň ýanyk ýerlerine sürtüp, tämizläp bilersiňiz.
Kofäni sowadyjydaky ýakymsyz yslary aýyrmak üçin ulanyp bilersiňiz. Munuň üçin täze üwelen kofäni bir käsäniň içine guýup, sowadyjyda goýuň.
Limon kislotasy aşhanada we wannada arassaçylyk işlerini geçirmek üçin örän täsirlidir. Şol bir wagtda hem limon şiresini nahar sodasy bilen garyp, emele gelen goşundyny tämizlik işlerinde ulansaňyz, aşhanaňyz hem wannaňyz ýalkym saçar.
Gazanyňyzdaky, sajyňyzdaky ýagy, posy tämizlemek ýa-da garalan kümüşleriňizi arassalamak üçin, ýeralmadan peýdalanyp bilersiňiz. Ýeralmanyň düzümindäki kislota birnäçe ýuwujy serişdeleriň düzümindäki himiki maddalara derek tebigy serişdedir. Ýeralmany nahar sodasy bilen bilelikde ulansaňyz, posa garşy güýji has-da artar.
Wannadaky ýüz görülýän aýnany hyýaryň şiresi bilen arassalap bilersiňiz. Çünki hyýar şiresi aýnanyň buglanmagynyň öňüni alýar.
Pyrtykalyň (apelsiniň) gabygy arassaçylyk işlerini geçireniňizde hoşboý ys bermek üçin hem iň gowy serişdedir. Bir guta pyrtykal gabyklaryny salyp, üstüni alma sirkesi bilen dolduryň. Garyndyny iki hepdeden soňra süzüň, soň ony pürkülýän gaba guýuň. Bu garyndyny aşhananyň islendik ýerinde ulanyp bilersiňiz.
Banan gabygynyň içki tarapy tebigy öwüşgin berýändir. Ony otag gülleriniň uly ýapraklaryny arassalamakda ulanyp bilersiňiz. Banan gabygy ýapraklaryň ýüzündäki tozany arassalaýar, onuň düzümindäki çyg bolsa ýapraklaryň öwüşgin atmagyna ýardam edýär.
Aýnur Goçakowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...