Ak şäherim Aşgabat

Ak şäherim Aşgabat
Makalalar
22.05.2023, 21:17
214
0
Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 142 ýyllygyna
                              Ak şäherim Aşgabat
     Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri gözümiziň alnynda özgerdi. Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň yhlas, zehininden kemal tapan, Arakadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen keşbini özgerden, häzirki zamanyň jennet şäherine öwrülen gözel paýtagtymyz her pursatda, her sagatda täze-täze dünýä nusgalyk bolan binalaryň hasabyna gün-günden gözelligini artdyrýar.
    Ylaýtada soňky döwürde Aşgabat şäherinde gurulýan ajaýyp binalaryň özboluşly gözel keşbi görenleriň aklyny haýrana goýýar. Onuňam düýp özeninde türkmeniň asyrlaryň synagyndan geçen ýurt tutmak, bina gurmak boýunça bütin dünýä nusgalyk bolan ajaýyp mirasy bar. Şol mirasy kämilleşdirip häzirki zamanyň bimagärlik sungaty bilen utgaşdyryp alyp gitmek, elbetde, Mahriban hem Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyna daýanýar.
     Bina gurmagyň özboluşlygynda türkmeniň milli aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmagy, Aziýanyň merjenine, ýagşylygyň badalga alýan menziline öwrülen paýtagtymyzda her bir binanyň many babatynda çuňňur paýhasdan gözbaş alýandygyny bütin dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Mysal gerekmi, baş üstüne!
     Halkara howa menzilinden ilkinji gezek jennet ýurdumyz Türkmenistana gelýän her bir syýahatçy uçardan düşüp, şähere ugrandan ilkinji Oguz hanyň alty ogly jemläp duran suw çüwdürimli ýadygärligi bilen salamlaşýar. Bu eýýäm ýagşy niýetleri ündeýän halkymyzyň agzybirlige bolan çagyryşydyr. Şeýle seretseň ol diňe bir milletiň ruhy sütüni ýaly bolup görünýänem bolsa, oýlanyşykly çemeleşilende bütin adamzady agzybirlige bolan çagyryşdyr.
      Şu günlerem her bir gurulýan binada şeýle däp dowam etdirilip, Aziýanyň merjenine, ýagşylygyň merkezine öwrülen, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurluşyk işleri hem gözelligiň hem ýagşylygyň nusgasy bolup nur saçýar.

Ybraýym Gurbanow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0