Aziýanyň merjen şähe­ri

Aziýanyň merjen şähe­ri
Makalalar
25.10.2023, 13:35
214
0
Aziýanyň merjen şäheri

«Aziýanyň merjen şäheri» diýlip tanalýan gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň arhitektorlyk zehininden hem paýhasyndan bina bolup, gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde, döwletimiziň paýtagty dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her bir döwletiň ösüş derejesini onuň paýtagtynyň keşbinde görmek bolýar. Paýtagtymyzyň gözelliklerine nazar aýlap, döwletimiziň, döwrümiziň, durmuşymyzyň, halkymyzyň keşbini synlamaga, olara baha bermäge mümkinçilik tapýarys.

Söýginiň hem aýdym-sazyň şäheri bolan Aşgabadyň tutuş aklyga beslenen binalarynyň sany gün-günden artyp gidip otyr. Milli binagärlik däplerimiz bilen dünýäniň ösen binagärlik sungatynyň gazananlary sazlaşdyrylyp gurulýan binalar paýtagtymyzy sanlyja ýyllaryň içinde tanalmaz derejede özgertdi.

Paýtagtymyzyň ähli gözellikleri özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary gözüňi dokundyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, göwnüňi galkyndyryp, ruhuňy göterýär.

Türkmen paýtagtynyň binalarynyň özboluşlylygy, gözelligi bütin dünýäde ykrar edilendir. Köpetdagyň dag eňňidinde gözelligi bilen uzaklardan howalanyp görünýän «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasyndaky Oguz hanyň äpet ýyldyzy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki ýapyk görnüşli aýlanýan hiňňildik, 133 metrlik flagştok, «Arkadag», «Abadançylyk», «Ak bugdaý», «Ýyldyz», «Ylym», «Sagdynlyk», «Welosiped» binalary, Türkmenistanyň milli Garaşsyzlyk, «Ylham», «Aşgabat» we beýleki seýilgähleri özleriniň owadanlygy we kaşaňlygy bilen ildeşlerimiziň her biriniň köňül buýsanjyna öwrülip, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlary hem haýran galdyrýar.

Rahym Penjiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0