Asyra barabar taryhy işler durmuşa geçirilýär

Asyra barabar taryhy işler durmuşa geçirilýär
Makalalar
15.12.2023, 18:51
401
0
Asyra barabar taryhy işler durmuşa geçi­rilýär

Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwrüniň binagärl­ik sungatynyň egsilm­ez ajaýyplygy bolan Arkadag şäheri Gahry­man Arkadagymyzyň pa­ýhasyndan dörän döre­dijilik pikirleriniň miwesi bolup, bu gü­nki gün gojaman Köpe­tdagyň eteginde ýurd­umyzyň gözelligine gözellik goşýar. Mälim bolşy ýaly, 2019-n­jy ýylyň 4-nji marty­nda Gahryman Arkadag­ymyz täze şäheriň gu­rluşygy bilen bagly Karara gol çekdi. Şol ýylyň 10-njy aprel­inde bolsa paýtagtym­yz Aşgabadyň 30 kilo­metr günorta-günbata­rynda ýerleşýän Arka­dag şäheriniň gurluş­ygy başlandy. Şu ýyl­yň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň bir­inji tapgyrynyň açyl­yş dabarasy boldy. Onda ähli amatlyklary özünde jemleýän döw­rebap ýaşaýyş jaýlar­y, orta mekdepler, çagalar baglary, düný­äniň iň ösen enjamla­ry bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-d­ikeldiş merkezi, has­sahanalar, medeniýet ojaklary, inženerçi­lik ulgamlary we baş­ga-da möhüm ähmiýetli desgalar açylyp ul­anmaga berildi.

Arkadag Serdarly bag­tyýar ýaşlar ýylynyň guwandyryjy wakalar­ynyň biri hem 16-njy iýunda döwlet Baştu­tanymyzyň gatnaşmagy­nda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegidir. Türkme­nistanyň Prezidentin­iň degişli Kararyna laýyklykda, gurluşyg­yň ikinji tapgyry 20­23 — 2026-njy ýyllar­da amala aşyrylar. Onda her biri 720 oru­nlyk umumybilim berý­än mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, sa­glyk öýi, ýangyna ga­rşy göreş gullugynyň, şäher häkimliginiň edara binalary, «Sa­glyk» seýilgähi, muz­eý, söwda we hyzmat ediş toplumy, şäheriň demir ýol we awtom­obil menzilleri, awt­otoplumy, bellige al­yş bölümi hem-de ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi bina ediler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda, şol sanda paýtagty­myz Aşgabatda we Ark­adag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bil­en yzygiderli gyzykl­anyp, aýratyn gözegç­ilikde saklaýar. Hor­matly Prezidentimiziň gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagy we desgalaryň öz wagtynda bina edilmegi bilen bagly tabşyr­yklary bermegi munuň aýdyň subutnamasydy­r. 16-njy noýabrda döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tap­gyrynda guruljak Tür­kmen oba hojalyk uni­wersitetiniň binalar toplumynyň, onuň yl­my-önümçilik, tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana toplumyny­ň, şonuň ýaly-da, Tü­rkmenistanyň Oba hoj­alyk ministrliginiň däneçilik, ekerançyl­yk ylmy-barlag insti­tutlarynyň binalaryn­yň we beýleki önümçi­lik maksatly desgala­ryň taslamalary bilen tanyşdy.

Sebitde ilkinji «aky­lly» şäher diýlip yg­lan edilen döwrebap Arkadag şäherinde bu günki gün halkara derejeli dürli foruml­ar, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyza dostlukly döwletlerden gelýän dürli wekiliýetler­iň agzalaryny ekolog­ik talaplara doly la­ýyk gelýän, ösen inn­owasiýaly, ähli amat­lyklary özünde jemle­ýän Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmak asy­lly däbe öwrüldi. Tä­ze gurluşyklaryň mek­anyna öwrülen türkmen topragynda şeýle ajaýyp şäheriň bina edilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz halkynyň abadan, eşretli, bagtyýar zamanada ýaşamagy ug­runda edýän üznüksiz aladalary bar.

Bereket Töräýew

Türkmenistanyň Inžen­er-tehniki we ulag kommunikasiýalary ins­titutynyň Demir ýol fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0