Akylly şäher

Akylly şäher
Makalalar
08.09.2023, 16:19
205
0
Gurmak, döretmek ykdysady taýdan kuwwatly döwlete mahsusdyr. Ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeler ýurdumyzyň ösen ykdysadyýetinden habar berýär. Ýurdumyz şeýle özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyklardyr taslamalar arkaly bütin dünýäni haýrana goýýar. Muňa iň täze taryhymyzyň şanly sahypasyna öwrülen Arkadag şäheri aýdyň şaýatlyk edýär.

Arkadag şäheri — ösüşli zamanamyzyň aýdyň nyşany. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň döwrebap keşbi bolan bu şäher dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär. Munda milli binagärligiň toplan baý tejribesi we iň gowy däpleri binagärlik hem-de bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Gurluşygy iki tapgyrda meýilleşdirilen «akylly» şäheriň birinji tapgyry ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda durmuşa geçirildi. Onuň çäklerinde medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Olaryň hatarynda jemgyýetçilik binalarynyň 11-si, edara binalarynyň 25-si, bilim edaralarynyň 19-sy, ýaşaýyş jaýlarynyň 258-si, saglyk we sport binalarynyň 9-sy, inženerçilik ulgamlarynyňdyr desgalarynyň 14-si bar. Munuň özi häzirki ösüşli zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň ykdysady taýdan örän kuwwatly döwletdigine doly güwä geçýär.

Zyýada Nurberdiýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0