Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri
Makalalar
10.05.2023, 13:38
238
0
"Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri"

atly döredijilik bäsleşigi jemlendi Golaýda «Türkmengaz» döwlet konserniniň medeni-işewürlik merkezinde Ýeňiş güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen bäsleşigiň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Ikinji şerte laýyklykda, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly bilen baglanyşykly aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi.

Islendik pursatda çylşyrymly meseleden üstünlikli baş alyp çykmak biziň merdana gerçeklerimize mahsus häsiýet. Şoňa görä, bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda, bäsdeş ýigitler ýekelikde şorta sözlerdir gülküli sahnalary şowly ýerine ýetirip, dabaranyň şowhunyny artdyrdylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

Baş baýrak — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Amanmyrat Ataýew.

1-nji orun — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Mekan Hojamyradow.

2-nji orun — Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Yslam Amangulyýew.

2-nji orun — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Hemra Kakajanow.

3-nji orun — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Ezizmyrat Meläýew.

3-nji orun — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby Abdylla Aşyralyýew.

3-nji orun — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Hanjar Ödäýew.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Amanmyrat Ataýew
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0