Haýyrly işleriň goldawy

Haýyrly işleriň goldawy
Makalalar
06.02.2023, 00:01
413
0
Haýyrly işleriň goldawy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň 4-nji fewralynda Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça iş saparlaryny amala aşyranda, bu ugur boýunça degişli ýolbaşçylar bilen duşuşyp, iş maslahatyny hem geçirdi. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän “Saglyk ýolunyň” başlanýan ýerine gelip, bu ýerdäki alnyp barylýan işleri synlady. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly atamyzyň heýkeliniň töweregindäki işler barada öz tekliplerini aýdan Gahryman Arkadagymyz soňra köp gatnawly Arçabil şaýolunyň ugrundaky köprileriň häzirki zamanyň ösen derejesine gabat gelýän bezeg işlerini synlady. Türkmen Halkynyň Milli Lideri ýol-ulag düzümine degişli gurulýan desgalaryň gurluşygynda, bezeg işlerinde Türkmen Döwlet binagärlik, gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň pikir garaýyşlaryna ünsli çemeleşmegi we täzelikleri goldamalydygyny degişli ýolbaşçylara ýatlatdy. Munuň özi bu ugurdan talyplara ýörite bilim berýän biziň ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlarynyň buýsanjyny artdyrdy hem talyplaryň arasynda her bir öwredilýan sapaga döredijilikli çemeleşmegini gazanmak borjuny döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň bize bildiren bu ynamyny ödemek üçin şu günler institutymyzda wagyz-nesihat işleri geçirilip, talyplaryň döredijilik gözleglerini kämilleşdirmek babatynda köp peýdaly usullary ulanýarys. Talyplarymyz ylymda öwrenen zatlaryny tejribede synag edip, täze-täze dizaýn işlerini we desgalaryň owadan görnüşleriniň çyzgylaryny taýýarlaýarlar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňra Ahal welaýatynyň merkezi bolan täze Arkadag şäherine hem sapar etdi. Ol ýerde Milli Liderimiz Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda dowam edýän işleri synlap, degişli ýolbaşçylara öz peýdaly maslahatlaryny berdi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ mugallym Ybraýym Gurbanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0