Halkymyz Milli Liderine guwanyar

Halkymyz Milli Liderine guwanyar
Makalalar
06.02.2023, 20:04
426
0
Halkymyz Milli Liderine guwanýar

Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň 21-ne paýtagtymyzda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça, kabul edilen “Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen halkynyň Milli lideri diýlip ykrar edilmegi, eýsem, bu Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt üçin bitiren işleriniň, çeken zähmetleriniň netijesine berlen mynasyp bahadyr. Bu ýene bir tarapdan halkymyzyň köňül buýsanjyny artdyrdy.

Ýurt berkararlygy üçin, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan gysga wagtyň içinde bitirilen asyrlara barabar işler, olaryň her biri hakynda aýratyn gürrüň edilmegine mynasyp. Diňe bir halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýy däl-de, tutuş ýurdumyzyň keşbi gowulyga özgerdi. Şäherlerde gurulan ajaýyp binalar, obalaryň şäherler bilen bäsleşýän täze öwüşginli keşbi, göreni haýran galdyrýar, çünki her bir işiň özeninde Gahryman Arkadagymyzyň ýagşylyga ýugrulan pähim-paýhasy dur. Binýady paýhasdan gurlan bina berk bolýar,

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty bütin dünýä ýaň salýar. Dünýä nusgalyk ýagşy tutumlary adamzat jemgyýetçiligine beren Gahryman Arkadagymyz biziň başymyzyň buýsanjydyr.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyñ talyby Kerimberdi Amanow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0